- ýylan
- [ýyla:n]Egrem-bugram bolup suwlup hereket edýän, zäherli, aýaksyz süýreniji.∙ Ýylan ýaly towlanjyraýan goşa saç, Owsun atýar, şowurdaýar keteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Ýylan çakan kendirden gorkar. (Nakyl)∙ Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher. (Nakyl)∙ Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň -- çöregini. (Nakyl)∙ Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (Nakyl)∙ Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer. (Nakyl)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.